«Ulansalar bolýa»: Günorta Koreýanyň ilaty emeli aň bilen mugt üpjün ediler

Düýn, 18:162,047

Günorta Koreýa ilatyny emeli aň bilen mugt üpjün etmäge taýýarlanýar. «All for AI» («Ählisi emeli aň üçin») maksatnamasynyň çäginde häkimiýetler EA gurallaryny döwlet we gündelik onlaýn gulluklaryna girizmegi meýilleşdirýär.

Maksatnamanyň deslapky synag tapgyry sentýabr aýynda başlar, ýylyň ahyryna çenli bolsa taslamanyň gerimini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Emeli aň ýaşaýjylara adaty öý-hojalyk aladalaryny çözmäge — mysal üçin, lukmana ýazylmaga, ýaşaýyş jaý gözlemäge, salgytlar barada maslahat almaga kömek eder. Ata-enelere bu ulgam çagalary üçin gerekli okuw hajatlary babatda hem maslahatçy bolup biler.

Kiçi telekeçilik üçin hem ýörite funksiýalar işlenip düzüler. Emeli aň telekeçilere salgytlary hasaplamaga, döwlet tarapyndan goldaw maksatnamalaryny we amatly ýeňillikleri tapmaga ýardam eder.

Taslamany durmuşa geçirmek işlerine Günorta Koreýanyň iň uly iki aragatnaşyk operatory we Kakao internet-kompaniýasy gatnaşýar. Üç sany tehnologik birleşme öz emeli aň goşundylaryny döreder hem-de özlerindäki bar bolan hyzmatlara generatiw emeli aň mümkinçiliklerini goşar

Maksatnamanyň iň gowy tarapy, onuň mugtlygydyr. Döwlet goldawy arkaly ýaşaýjylar söwda gulluklarynyň soraglar ýa-da tokenler boýunça adaty çäklendirmeleri bolmazdan emeli aňdan peýdalanyp biler.

Häkimiýetler hasaplama kuwwatlyklaryna giden çykdajylaryň bir bölegini kompaniýalara 512 sany Nvidia B200 çaltlandyryjysyna çenli üpjün etmek bilen ýapmagy meýilleşdirýärler.

Hökümet bu maksatnama arkaly ýurtda emeli aňyň ýaýramagyny tizleşdirmegi umyt edýär. Öň geçirilen pikir soraşmalaryň netijesine görä, Günorta Koreýanyň ýaşaýjylarynyň diňe dörtden bir böleginiň emeli aň hyzmatlary üçin öz jübilerinden pul tölemäge taýýardyklary belli boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.