ÝB-de satylmadyk eşikleri we aýakgaplary ýok etmäge gadaganlyk güýje girdi

21.07.2026, 09:335,085

Ýewropa Bileleşiginde iri kompaniýalara satylmadyk ýa-da yzyna gaýtarylan eşikleri we aýakgaplary ýok etmegi gadagan edýän täze düzgünler güýje girdi. Indi şeýle harytlar gaýtadan ulanylmaly, haýyr-sahawata berilmeli ýa-da gaýtadan işlenilmeli diýip, «DW» habar berýär.

Gadaganlyk Ekodizaýn baradaky düzgünnamanyň (ESPR) çäginde girizildi. Şikes ýeten, hapa, ulanmak üçin howply ýa-da gaýtadan işlenmäge degişli däl önümler üçin kadadan çykmalara ýol berilýär. Şeýle-de, eger haýyr-sahawat guramalary bellenilen möhletde harytlary kabul etmekden ýüz öwürse, olaryň ýok edilmegine rugsat berilýär.

Ýewropa komissiýasynyň baha bermelerine görä, dokma önümleriniň ýok edilmegi her ýyl, takmynan, 5,6 million tonna kömürturşy gazynyň zyňyndylaryna getirýär, bu bolsa 2–3 million awtoulagyň ýyllyk zyňyndylaryna barabardyr. Täze çäreler harytlaryň ulanyş möhletini uzaltmaga we galyndylaryň möçberini azaltmaga gönükdirilendir.

Ýewropanyň daşky gurşaw agentliginiň maglumatlaryna görä, her ýyl Ýewropanyň zir-zibil taşlanýan ýerlerine 600 müň tonna çenli geýilmedik dokma önümleri düşýär. Diňe Germaniýanyň özünde 2021-nji ýylda yzyna gaýtarylan eşikleriň, takmynan, 17 million sanysy ýok edildi.

Şol bir wagtda Germaniýanyň dokma pudagynyň wekilleri täze kadalary tankytlady. Olaryň pikiriçe, bu kadalar biznesiň administratiw ýüküni artdyrýar we çalt üýtgeýän modanyň meselesini çözmeýär.

Bilermen Ýonas Ştrakeniň pikiriçe, iň gowy ekologiýa standartlaryny üpjün etmek üçin harytlary ýygnamagyň, tertipleşdirmegiň we gaýtadan işlemegiň netijeli ulgamlary zerurdyr. Şeýle şertler bolmadyk ýagdaýynda, ýok etmäge goýlan gadaganlyk diňe «kagyz ýüzündäki gaplaň» bolup galar. «Gynansak-da, iş ýüzünde ol (täze kanun. - Red.) ýapyk halkaly ykdysadyýete hakyky goşandy goşmaýar» – diýip, hünärmen aýdýar.

Orta kärhanalar üçin geçiş döwri 2030-njy ýyla çenli dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.