Milli elektrik ulgamyndaky ýüze çykan bökdençlikden soň Kubada giň möçberli elektrik energiýasynyň öçürilmesi bolup geçdi. Bu barada Kubanyň Union Electrica de Cuba döwlet elektrik energiýasy kompaniýasyna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar.
Ulgam operatorynyň maglumatlaryna görä, hadysa ýekşenbe güni giç agşam bolup geçdi we takmynan 10 million ilatly ýurtda tutuşlygyna diýen ýaly elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy.
Bu soňky döwürde ýurtda bolup geçen dördünji ählihalk tok öçürilişigidir. Iýul aýynda Kubada üsti-üstüne şeýle öçürilmäniň üçüsi bolup geçipdi. Olaryň sebäbi elektrik bazalary üçin ýangyç ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de ýurduň häkimiýetleri ýangyç importyndaky kynçylyklar we energetika infrastrukturasynyň könelmegi zerarly elektrik ulgamyna düşýän ýüküň artýandygyny belleýärler.

Ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin Gawana öň daşary ýurt maýa goýumy esasynda ýangyç import etmek boýunça ilkinji taslama rugsat etdi, şeýle hem 200-e golaý kuba kompaniýasyna ýangjygy lomaý paýlamak tertibinde işlemäge ygtyýar berdi.
Ýurduň energetika pudagyna şu ýylyň ýanwar aýydan bäri Wenesueladan ýangyç getirilmeginiň bütinleý saklanmagy hem uly basyş edýär. Mundan başga-da, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp döwlet edaralaryna Kuba nebit iberýän ýurtlara goşmaça gümrük paçlaryny salmak hukugyny berdi.