Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça energiýa sarp edilişiniň 37 göterim artyp, 43,6 million MWt·sag-a ýetendigini habar berdi. Korporasiýanyň 2026-njy ýyl üçin ekologik hasabatynda munuň esasy sebäbiniň emeli aň infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglydygyny bellenilýär.
Kompaniýa elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagyny Google Cloud-yň giňelmegi, «Gemini» modelleriniň ösdürilmegi, gözleg ulgamynyň hasaplaýyş kuwwatlyklarynyň artmagy we YouTube-yň geriminiň giňelmegi bilen baglanyşdyrýar. 2019-njy ýyldan bäri Google-yň jemi energiýa sarp edilişi 250 göterimden gowrak artdy.
Şol bir wagtyň özünde, uglerodsyz elektrik energiýasyny satyn almak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylary bir ýylyň içinde 2 göterim azaldy. Kompaniýa öz desgalaryny hakyky wagt tertibinde ortaça 65 göterim zyňyndysyz energiýa bilen üpjün edýär, dokuz sebitde bolsa bu görkeziji 80 göterimden geçýär.
Şeýle hem Google maglumat merkezlerinde energiýadan peýdalanmagyň ortaça netijelilik görkezijisiniň (PUE) 1,09-a deň bolandygyny habar berdi. «TPU Ironwood» prosessorlarynyň täze nesli ilkinji Cloud TPU-lara garanyňda tas 30 esse energiýa taýdan netijelidir, Gemini-däki ortaça tekst soragynyň energiýa sarp edilişi bolsa bir ýylyň dowamynda 33 esse azaldy.
2025-nji ýylda kompaniýa täze uglerodsyz energiýa kuwwatlyklarynyň 12 GW-dan gowragyny satyn almak barada ylalaşyk baglaşdy, şeýle hem ýadro, geotermal we termoýadro energetikasyna maýa goýmagy dowam etdirdi.
Şonuň bilen birlikde, Google maglumat merkezleriniň gurluşygy we ýöriteleşdirilen ýarymgeçirijileriň önümçiligi bilen baglylykda, üpjünçilik zynjyryndaky gytaklaýyn zyňyndylaryň 25 göterim artandygyny belledi. Kompaniýa emeli aňyň mundan beýläkki ösüşiniň klimat ýüküni artdyrman, hasaplaýyş kuwwatlyklarynyň ösüşini üpjün etmäge ukyply täze energiýa infrastrukturasyny döretmegi talap etjekdigini mälim etdi.