Gruziýada tutuşlygyna diýen ýaly tok öçdi

24.07.2026, 15:508,596
1 / 3

23-nji iýul güni agşam Gruziýanyň agramly böleginde iri möçberli elektrik togunyň öçürilmegi ýüze çykdy.

Tbilisi, Batumi, Kutaisi, Telawi, Boržomi, Zugdidi we beýleki birnäçe ilatly ýerler yşyksyz galdy.

Elektrik üpjünçiligindäki bökdemeler sebäpli käbir etraplarda, edil doly bolmasa-da, agyz suwunyň berilmegi togtadyldy.

Sagat 01:30 töwerekleri Gruziýanyň Döwlet elektrik energetika ulgamy Mstheta-Mtianeti sebitinde hem-de Tbilisiniň köp böleginde, soňrak bolsa beýleki welaýatlarda elektrik üpjünçiliginiň bölekleýin dikeldilendigini habar berdi.

​Iri möçberli tok öçürilmäniň sebäpleri barada entek resmi taýdan beýanat berilmedi. Kompaniýadan hünärmenleriň bolup geçen ýagdaýyň sebäplerini anyklaýandyklaryny we tiz arada goşmaça maglumat berjekdiklerini duýdurdylar.

​Öň dürli köpçülikleýin habar serişdelerinde Gruziýa bilen Türkiýäni birleşdirýän elektrik geçiriji ulgamda heläkçiligiň bolandygy barada çaklamalar peýda bolupdy. Ýöne Döwlet elektrik energetika ulgamy Pirveli teleýaýlymyna beren beýanatynda bu maglumatyň hakykata gabat gelmeýändigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.