Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Düýn, 16:261,458
1 / 7

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň çäginde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu barada TDH habar berýär.

Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezýän bu çäräniň açylyş dabarasy milli amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, suratkeşleriň hem-de heýkeltaraşlaryň eserlerinden ybarat bolan giň möçberli sergi bilen utgaşdy.

Dabarada edilen çykyşlarda döwlet saparyna gabat gelen bu medeni çäräniň halklary has-da ýakynlaşdyrmakda we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Medeni forumyň çäginde iki ýurduň döredijilik, kitaphana işgärleriniň we teatr ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklarda özara tejribe alyşmak, häzirki zaman teatr sungatyny ösdürmek we degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, türkmen wekiliýetiniň agzalary Tbilisi şäheriniň gözel ýerlerine gezelenç edip, täsirli pursatlary ýazga geçirdi.

Açylyş dabarasy mynasybetli guralan aýdym-sazly konsert gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Türkmenistanyň aýdymçylarynyň, sazandalarynyň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary, aýratyn-da, estrada ýyldyzlarynyň gruzin aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Konsertiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.