Örküçli läheňiň tebigy gurşawda dünýä inişi ilkinji gezek dron arkaly wideo düşürildi. Awstraliýaly suratçy Aleksandr Forrest tarapyndan surata alnan bu täsin kadrlar Täze Günorta Welsiň kenarýakalarynda ýazgy edildi.
Forrest ştatyň demirgazygyndaky kenarýaka burnunda bolup, örküçli läheňleriň ýyllyk göçüşini surata alýardy. Şeýle pursatlaryň birinde onuň ünsi beýlekilerden ep-esli haýal hereket edýän we ýalpak ýerlerde saklanmaga çalyşýan bir läheňde eglenýär.
Suratçy jandary ýakyndan synlamak üçin dronuny ýokary galdyrýar. Şol pursat suwda bulut şekilli al-gyzyl reňk ýaýrap başlaýar. Ilki Forrest läheňe ýyrtyjy haýwan topulandyr öýdýär. Tiz wagtdan ene läheňiň ýanynda çal reňkli çagasy peýda bolandan soňra bar zat düşnükli bolýar.
Wideoda täze doglan körpeje läheňiň guýrugy bilen ilkinji hereketlerini edişi, birinji gezek suwuň ýüzüne çykyşy, kellesini suwdan çykaryp, megerem, ilkinji gezek dem alşy, soňra enesiniň ýanynda ýüzüp başlaýşy görünýär.
Forrest şaýat bolan hadysasy barada Awstraliýanyň Läheň görnüşlerini halas etmek we öwrenmek guramasyna (ORRCA) habar berýär. Soňra oňa guramanyň dron operatorlary Tanýa Snouden we Dominik Kotter-Deffof hem goşulýar. Olar bilelikde birnäçe sagatlap ene bilen çaga läheňi yzarlaýarlar.
ORRCA-nyň ylmy-gözegçilik bölüminiň ýolbaşçysy Enni Post ylmy edebiýatda öň örküçli läheňleriň dünýä inişini häzire çenli diňe üç gezek kamera almak başardandygyny habar berdi. Onuň pikiriçe, Forrestiň eden ýazgysy şeýle wakanyň ýokardan alnan ilkinji wideosy bolaýmagy örän ähtimal.