ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girýän iň köp desgaly ýurtlar: Türkmenistanda olaryň näçesi bar?

04.08.2026, 18:127,063
1 / 2

ÝUNESKO medeni, taryhy ýa-da ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýa-da adam tarapyndan döredilen desgalary öz Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizýär.

Desgalar ýa medeni, ýa-da tebigy mirasa degişli edilýär. Şonuň ýaly-da garyşyk ugur hem bar.  Bütindünýä mirasynyň sanawynda olaryň sany 1273-e ýetdi.

Bilermenler şeýle desgalaryň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlary görkezýän infografikany taýýarladylar.

Sanawda birinji orny Italiýa eýeleýär. ÝUNESKO bu ýurtda 62 desgany Bütindünýä mirasy hökmünde ykrar etdi. 2026-njy ýylda täze ýene bir desga — XVIII we XIX asyrlaryň italýan teatrlar ulgamy bilen bu sanawyň üsti ýetirildi.

Ikinji orny 61 desga bilen Hytaý eýeleýär. 2026-njy ýylda Szindeçženiň senetçilik farfor önümçilik desgalary Bütindünýä mirasy derejesini gazandy.

Öňdebaryjy üçlügi 56 desga bilen Fransiýa jemleýär. 2026-njy ýylda sanawa iki sany täze desga girizildi — Langedokdaky Kapetingleriň patyşalyk gala-berkitmeleri we Normandiýada II Jahan urşy döwründe arkadaş ýurtlaryň goşunlaryň düşen kenarýaka zolaklary.

Bu ýerleriň üsti bilen Fransiýa indi sanawda dördünji orny eýeleýän Germaniýadan (55 desga) öňe geçdi. Bäşinji orunda bolsa 50 desga bilen Ispaniýa durýar.

Türkmenistandan dürli ýyllarda bu sanawa 5 sany taryhy ähmiýetli desga girizildi:

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda dünýäniň 173 ýurdunda ýerleşýän ýadygärlikler bar. Türkmenistan ählihalk sanawynda özüniň 5 sany ykrar edilen desgasy bilen beýleki 11 döwletiň deňinde 83-nji orny paýlaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.