Arheologlar Germaniýanyň Hole-Fels gowagyndan mamont süňkünden ýasalan iki sany kiçijik guş şekiljigini tapdylar. Tapyndylaryň ýaşy takmynan 40 müň ýyl bardyr diýlip çaklanylýar.
Týubingen uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan gowagyň aşaky gatlaklaryndan tapylan artefaktlar, çaklama göra, soňky paleolit döwrüniň orinýak medeniýetine degişli bolmaly. Şekiljikler bir-birinden 1,5 ýarym metr çemesi uzaklykda ýerleşipdir. 
Olaryň biri höwürtgesinde arkaýyn oturan, beýlekisi bolsa ganatyny ýaýyp duran guşy şekillendirýär. Olaryň uzynlygy iki santimetrden geçenok, agramy bolsa degişlilikde 1,3 we 0,7 grama deň. Ganatyny ýaýyp duran şekiljik bu sebitde tapylan Buzluk döwrüniň iň kiçi sungat eseri hasaplanylýar.

«Bu ýerde mamont süňki diňe bir guşuň ýönekeýje keşbini döretmek üçin ulanylmandyr. Tebigaty çuňňur synçylyk bilen yzarlap ýasalan şekiljiklerde has inçe many bar. Olary öwrenip, hatda adatça guşuň haýsy görnüşdigini we näme edip oturandygyny-da kesgitläp bolýar», — diýip, Týubingen uniwersitetiniň arheology Nikolas Konard düşündirýär.
Gözlegçiler häzirlikçe guşlaryň görnüşini anyk kesgitläp bilenoklar. Bir çaklama görä, olar ak käkilik bolmaly, başga biriniň pikirine görä — gluhar. Guşlaryň iki görnüşi-de Buzluk döwründe Ýewropada ýaşapdyr.

Hole-Fels gowagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we 33 müňden 43 müň ýyllyga çenli bolan köp sanly tapyndylary bilen meşhurdyr. Täze şekiljikler 2027-nji ýylyň 4-nji apreline çenli Blauboýrendäki Ilkidurmuş taryhy we Buzluk döwrüniň sungaty muzeýinde sergä çykarylar.