2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Abu-Dabide (BAE) UFC 333 ýaryşy geçiriler. Onuň esasy duşuşyklarynyň birinde iň ýeňil agramda russiýaly häzirki çempion Pýotr Ýan bilen guşagyň öňki eýesi gruziýaly Merab Dwalişwili ýüzleşer.
Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň ýaňzytmagyna görä, bu tutluşyk titul söweşi bolup, Ýan çempionlyk guşagyny goramaga çalşar. Ýan bilen Dwalişwili öň hem iki gezek urşupdylar. Häzirki wagtda olaryň arasyndaky hasap — 1:1.

Olaryň arasyndaky birinji tutluşyk 2023-nji ýylyň martynda bolup geçdi we eminleriň biragyzdan ses bermeginde gruziýaly türgeniň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

2025-nji ýylyň dekabrynda UFC 323 ýaryşynda geçirilen rewanş urşunda bolsa Pýotr Ýan eminleriň çözgüdi bilen ýeňiş gazanyp, Dwalişwiliden çempionlyk guşagyny aldy we diwizionyň iki gezek çempiony boldy.
Häzirlikçe bu söweş UFC tarapyndan resmi ýagdaýda tassyklananok.

Ýaryşyň esasy tutluşygynda ýarym ýeňil agramda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bilen russiýaly Mowsar Ýewloýew duşuşar.