Serdar Berdimuhamedow­ täze wezipä bellenil­di

09.07.2021, 23:1653,748

Türkmenistanyň Prezid­enti wise-premýer Ser­dar Berdimuhamedowy Ýokary gözegçilik edar­asynyň başlygy wezipe­sinden boşatdy we ony­ Döwlet howpsuzlyk ge­ňeşiniň düzüminden çykaryp, Ministrler Kab­inetiniň Başlygynyň m­aliýe we ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik e­dýän orunbasary wezip­esine belledi. Şeýle hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.

S.Berdimuhamedowyň ozal eýelän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şol bir wagtda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolup durýan orunbasarynyň wezipesi ýapyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça   orunbasary Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň bir aý möhletde taýýarlanylmagyny we Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmäge borçly edildi.
Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edar­asynyň başlygy wezipesine Döwlet Täşliýew bellenilip, ol şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Bu barada 9-njy iýuld­a geçirilen Türkmenis­tanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin me­jlisinde habar berild­i. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.