Fijiniň erkekler ýygyndysy regbi-7 boýunça Olimpiýa ýaryşynda ikinji gezek ýeňiş gazandy

30.07.2021, 13:452,942

Fijiniň erkekler ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda regbi-7 boýunça ýaryşyň finalynda Täze Zelandiýanyň toparyny 27:12 hasaby bilen ýeňdi. Bürünç medal üçin oýunda Argentinanyň milli ýygyndysy Beýik Britaniýanyň toparyny 17:12 hasabynda ýeňdi. 

Ilkinji gezek regbi-7 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda hödürlendi. Rio-de-Žaneýroda hem Fijiniň milli ýygyndysy ýeňiş gazanypdy. Kümüş medaly britaniýalylar, bürünç medaly Günorta Afrikanyň topary eýeledi.
Fijiniň milli ýygyndysy Tokiodaky Oýunlarda ilkinji medalyny gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.