Erkekleriň we zenanlaryň arasynda 3x3 basketbol ýaryşynyň netijeleri

30.07.2021, 13:402,485

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda 3x3 basketbol boýunça ýaryşlar geçirildi. 

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň finalynda ABŞ-nyň we Russiýanyň milli ýygyndylary duşuşdy. Oýun 18:15 hasaby bilen amerikalylaryň peýdasyna tamamlandy. Olar altyn medal gazandylar. Russiýanyň milli ýygyndysy ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady. Üçünji orun üçin oýunda Hytaýyň milli ýygyndysy Fransiýany 16:14 hasabynda utdy.
Erkekleriň arasynda 3x3 basketbol boýunça ýaryşyň finalynda Russiýanyň we Latwiýanyň milli ýygyndylary duşuşdy. Oýun 21:18 hasabynda Latwiýanyň milli ýygyndysynyň ýeňmegi bilen tamamlandy. Bürünç medaly üçünji orun üçin oýunda 10:21 hasaby bilen belgiýalylary ýeňen Serbiýanyň milli ýygyndysy aldy. 
3x3 basketbol Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek oýnaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.