Türkmenistanyň biržasynda bir hepdede söwda geleşikleriniň 20-si baglaşyldy

06.12.2021, 10:575,688

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz, şeýle hem el halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 11 müň manatlykdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.