2022-nji ýylda geçiriljek «Ýewrowideniýä» ilkinji gatnaşyjy belli boldy

08.12.2021, 08:014,325

2022-nji ýylda geçiriljek «Ýewrowideniýe» üçin gatnaşyjysyny we aýdymy resmi taýdan yglan eden ilkinji ýurt Bolgariýa boldy. Italiýanyň Turin şäherinde geçiriljek bäsleşige çilili wokalçy Ronni Romero bilen “Intelligent Music Project” rok-topary gatnaşar diýip, guramaçylar habar berdiler. Muny Day.Az ýetirýär.

Toparyň gatnaşjakdygy barada ýörite metbugat konferensiýasynda yglan edildi. Olaryň bäsleşik üçin kompozisiýasy “Intention” diýlip atlandyrylýar.
Şeýle-de, toparda Riçi Blekmoryň meşhur Rainbow toparynyň wokalçysy, “rok-hudaýy” Romeronyň peýda bolmagynyň iň uly garaşylmadyk sowgat bolandygy bellenilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.