2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda 93 ýaşynda aradan çykan italýan modelýeri, Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawaniniň ölüminden soň, onuň wesýetnamasynyň mazmuny mälim edildi.
2023-nji ýylyň martynda Şweýsariýanyň Gştaad şäherçesinde düzülen bu resminama Wadusda (Lihtenşteýn) hasaba alnan Valentino Garavani — Giancarlo Giammetti Foundation gaznasyny ýeke-täk mirasgär hökmünde yglan edýär.
Miras galan emlägiň umumy bahasy ýüzlerçe million ýewro barabar. Rimdäki Appiý ýolunda ýerleşýän uly willa we TM Blue One ýahtasy eýýäm gaznanyň adyna geçirildi. Şeýle-de, sanawda sungat eserleri, daşary ýurt banklaryndaky hasaplar we maýa goýumlar bar.
«Corriere della Sera» neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu gaznanyň döredilmegi dizaýneriň galdyran mirasynyň bütewiligini goramaga gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde, resminamada aýratyn emläk görkezmeleri hem bar. Olary alýan adamlaryň atlary gizlin saklanýar, ýöne hünärmenleriň pikirine görä, peýda görüjileriň arasynda modelýeriň hyzmatdaşy Wernon Brýus Huksema, egindeşi Jankarlo Jammetti, şeýle hem Walentinonyň garyndaşlary we haýyr-sahawat guramalary bolup biler.
Miras amallaryny dolandyrmak we emlägiň bir bölegini (şol sanda Pariziň golaýyndaky meşhur taryhy Wideville galasy) satmak işleri wesýetnamany ýerine ýetirijilere: Jankarlo Jammettä, maliýeçi Ronald Feýene we şweýsariýaly aklawçy Mark Bonnana tabşyryldy.