Türkmen biržasynda bahasy 63 milliondan gowrak 47 geleşik hasaba alyndy

10.01.2022, 13:563,766

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 47-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 63 million 544 müň dollaryna deň boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dürli kysymly awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny, dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen ýüplüklerinden dokalan matany, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 867 müň manatdan gowrak boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.