«Türkmenhimiýa» daşary ýurtlardan enjamlary satyn alar

26.02.2022, 11:503,948

Himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem kärhanalaryň önümçilikleriniň üznüksiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine:

  • ýylylyk çalşyjy enjamlary satyn almak barada Italiýanyň “Ofmeco Heat Transfer Technology S.r.l.” kompaniýasy bilen şertnamany;
  • “KATALСO” kysymly katalizatorlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Johnson Matthey PLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.