Braziliýada koronawirusyň «deltakron» görnüşi bilen kesellemegiň ilkinji ýagdaýlary ýüze çykaryldy

18.03.2022, 00:0817,958

Koronawirusyň «deltakron» görnüşiniň ýokuşmagynyň ilkinji ýagdaýlary Braziliýada ýüze çykaryldy. Bu barada TASS-a salgylanýan Trend sişenbe güni ýurduň Saglygy goraýyş ministri Marselu Keýroganyň habar berendigini aýdýar.

«Bu görnüş «omikron» bilen «deltanyň» garyşmagyndan dörändir diýip çaklanylýar we ol esasan Fransiýada hem-de Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda giň ýaýrandyr. Biziň hünärmenlerimiz genomlar boýunça Braziliýada eýýäm iki ýagdaýy ýüze çykardylar: biri — Amapa ştatynda, beýlekisi — Para ştatynda. Biz bu ýagdaýlaryň hemmesini gözegçilikde saklaýarys» — diýip, «Antagonista» neşiri pudagyň baştutanynyň sözüni getirýär. 

Goňşy ştatlar bolan Amapa we Para Braziliýanyň demirgazygynda, Amazoniýanyň ekwatorial ýagynly tokaýlarynyň sebitinde ýerleşýärler. Amapa demirgazykda Fransuz Gwianasy  bilen araçäkleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.