Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ilkinji derman tassyklandy

Şu gün, 08:551,006

Hytaýda ýeňil we orta derejeli COVID-19-y bejermek üçin emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen Mprosevir dermanyny ulanmak tassyklanyldy. Bu barada dermanyň işlenip düzülmegine gatnaşan Sihu uniwersitetiniň beýanatynda aýdylýar:

"Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ilkinji innowasion dermany bazara çykarmaga ygtyýar berildi".

Mprosevir ulular üçin niýetlenendir. Ol SARS-CoV-2 wirusynyň köpelmeginde möhüm orun eýeleýän 3CLpro fermentiniň işjeňligini bökdeýän madda esaslanýar. Bu fermentiň işini togtatmak bolsa wirusyň köpelmeginiň öňüni almaga kömek edýär.

Işjeň maddany gözlemek üçin, alymlar DNT-kodlanan birleşmeler kitaphanasy tehnologiýasyndan peýdalandy. Usul köp sanly potensial molekulany gysga wagtyň içinde barlamaga mümkinçilik berýär. Bu gezek barlagçylar, takmynan, 49 milliard birleşmäni seljerdi.

Ilkinji tapgyrda 100-den gowrak geljegi uly bolan birleşme saýlanyp alyndy. Soňra alymlar olaryň arasyndan has täsirlisini kesgitlemek üçin emeli aň modellerinden peýdalandy. Emeli aňyň beren netijeleri laboratoriýa synaglarynyň maglumatlary bilen deňeşdirildi. Şondan soň molekulalaryň gurluşy kämilleşdirilip, iň ýokary görkezijili nusga saýlanyldy.

Dermanyň üstünde işlemek gözleg tapgyryndan başlap, kliniki synaglaryň tamamlanmagyna çenli, takmynan, üç ýarym ýyl dowam etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.