“Forbes” dünýäniň iň ýokary hak alýan türgenleriniň sanawyny düzdi

15.05.2022, 05:2224,524

Abraýly “Forbes” maliýe žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan türgenleriniň sanawyny düzdi. Bu sanawda birinji orny “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Lionel Messi eýeledi, onuň ýyllyk girdejisi $130 mln bilen bahalandyrylýar. Ikinji orny meşhur basketbolçy Lebron Jeýms eýeledi ($121,2 mln). Liderleriň üçlügini “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ($115 mln) jemleýär. Onlukda futbolçylardan braziliýaly Neýmar hem bar ($95 mln) diýip, championat.com belleýär.

“Forbese” görä dünýäniň iň ýokary hak alýan türgenleri:

  1. Lionel Messi (futbol, “PSŽ”) - $130 mln;
  2. Lebron Jeýms (basketbol, “Leýkers”) - $121,2 mln;
  3. Kriştianu Ronaldu (futbol, “Mançester Ýunaýted”) - $115 mln;
  4. Neýmar (futbol, “PSŽ) - $95 mln;
  5. Stefen Karri (basketbol, “Golden Steýt”) - $92,8 mln;
  6. Kewin Dýurant (basketbol, “Bruklin”) - $92,1 mln;
  7. Rojer Federer (tennis) - $90,7 mln;
  8. Saul Alwares (boks) - $90 mln;
  9. Tom Bredi (amerikan futboly, “Tampa-Beý”) - $83,9 mln;
  10. Ýannis Adetokunbo (basketbol, “Miluoki”) - $80,9 mln.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.