Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini «Dostluk» ordeni bilen sylaglady

19.05.2022, 04:0127,483

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Dostluk» ordeni bilen sylaglady. Bu barada Russiýanyň resmi hukuk maglumatlar portalynda habar berilýär.

Wladimir Putiniň Kararynda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşan goşandy üçindir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.