Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýunda Moskwada Wladimir Putin bilen duşuşar

09.06.2022, 19:0522,559

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-nji iýunda Moskwada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar. Bu barada Kremliň saýtynda habar berilýär.

Türkmen Lideri RF-niň Prezidentiniň çakylygy boýunça Russiýa barar. Bu Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde daşary ýurda ilkinji resmi sapary bolar diýlip, habarda aýdylýar.
Gepleşiklerde syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Saparyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.