W.Putin Serdar Berdimuhamedowyň çakylygyny kabul etdi

10.06.2022, 17:4442,451

Moskwada Kremlde Wladimir Putin bilen geçirilýän duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow russiýalylary Russiýanyň güni bilen gutlady, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşandy üçin RF-niň Baştutanyna sagbolsun aýtdy. Şeýle hem W.Putini resmi sapar bilen Türkmenistana çagyrdy.

W.Putin çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelip görmegi wada etdi diýip, rus HBS-leri habar berýär.
Iki döwletiň Baştutanlary Kremlde gepleşikleri geçirýär, olaryň netijeleri boýunça Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.