Aşgabatdaky sammitde Putin howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip etdi

30.06.2022, 05:3433,897

Aşgabatda geçirilen Hazar sammitiniň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa eýermegiň sebitiň gülläp ösüşiniň kepili bolup hyzmat edýändigini belledi. Moskwa “bäşligiň” agzalarynyň, şol sanda howpsuzlyk we syýasat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlara jogap gaýtarmak boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmagy teklip edýär. Şeýle-de, Russiýanyň lideri ýakynda Tähran konwensiýasynyň taraplarynyň çagyrylyşy barada pikirlenmegi teklip etdi diýip, vesti.ru belleýär. 

Aşgabatda geçirilen Hazar sammitine Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.