Aşgabatda geçirilen forumyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

08.08.2022, 05:067,342

6-7-nji awgustda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy hem boldy. 
Umuman, bu hünär baýramçylygy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler geçirildi, zähmetiň öňdebaryjylary sylaglanyldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.