Twitteriň işleýşinde bökdençlik bolup geçdi

10.08.2022, 17:025,902

Sişenbe güni birnäçe ýurtlarda Twitteriň mikrobloglarynyň hyzmatynyň işleýşinde bökdençligiň bardygy bellige alyndy. Muňa Downdetector hyzmatynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. 

Kemçilikler barada habar beren ulanyjylaryň takmynan 47%-i sosial toruň saýtynyň işleýşindäki meselelerden zeýrense, ýene 44%-i goşundylar bilen bagly näsazlyklary agzaýar, 9%-i bolsa serwere çatylmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar. Bökdençlikler barada iň köp habar berenler ABŞ-nyň, Kanadanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ulanyjylarydygy bellige alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.