Nolanyň «Odisseýasynyň» bikanun göçürmesi X sosial ulgamynda 2 million gezek görüldi

Şu gün, 11:49369

26-njy iýula geçilýän gije Ilon Maskyň X sosial ulgamynda «Odisseýa» filminiň doly görnüşi ýokary hilde çykaryldy. Variety neşiriniň ýazmagyna görä, bary-ýogy iki ýarym sagadyň içinde bu film 2,1 million görülme toplady. Şondan soň köpçülige ýaýran bu wideo öçürildi, ony bikanun ýaýradan ulanyjyň hasaby bolsa petiklendi.

Şol gün giçlik sosial ulgamda filmiň pes hildäki başga bir nusgasy ýene-de paýlaşyldy. The Hollywood Reporter-iň maglumatlaryna görä, ikinji nusga awtorlyk hukugynyň eýesiniň talaby boýunça öçürilmezinden ozal 50 müňe golaý görülme toplap ýetişdi.

Arassalaýyş işlerine garamazdan, X torunda henizem filmiň bikanun nusgalarynyň käbiri öçürilmän galýar. Şol bir wagtyň özünde, sosial ulgamda «Odisseýa» ady bilen ulanyjylara Rik Estliniň meşhur klipini görkezýän galp paýlaşmalar hem meşhurlyk gazanyp başlady.

Universal Pictures ýagdaýdan habarlydygyny tassyklady we öz awtorlyk hukuklaryny kanuna laýyklykda goramaga taýýardygyny mälim etdi.

«Biz awtorlyk hukuklarynyň bozulmagyna çynlakaý garaýarys we öz kontentimizi hem-da intellektual eýeçilik hukuklarymyzy goramak üçin elde bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanarys» — diýip, kinokompaniýanyň wekilleri belläp geçdiler.

Kristofer Nolanyň täze «Odisseýa» filmi dünýä prokatyna 16-njy iýulda çykdy we eýýäm $640 mln toplady. Filmiň sýužeti Gomeriň eposyna esaslanýar we Troýa urşundan soň Itakanyň patyşasynyň öýüne dolanyp gaýdyşyny gürrüň berýär. Filmde baş roly Mett Deýmon ýerine ýetirdi, şeýle hem aktýorlar toparynda Tom Holland, Enn Heteweý, Robert Pattinson, Zendeýa, Lupita Niongo we Şarliz Teron ýaly ýyldyzlar bar.

«Odisseýa» dolulygyna 70 millimetrlik plýonkaly IMAX kameralaryna düşürilen taryhda ilkinji film boldy. Şeýle formatda ilkinji günlerde film bütin dünýä boýunça bary-ýogy 41 kinoteatrda görkezildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.