Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy orden bilen sylaglady

26.08.2022, 22:5437,937

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli «Watanyň öňündäki hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglady. Bu baradaky degişli Perman hukuk maglumatlarynyň internet portalynda neşir edildi diýip, RIA Nowosti habar berdi.

“Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli «Watanyň öňündäki hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamaly” diýlip, Permanyň tekstinde beýan edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.