Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada resmi sapar bilen geldi

20.10.2022, 23:5928,004
1 / 3

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam resmi sapar bilen Aşgabada geldi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany wise-premýer Batyr Atdaýew we beýleki resmi adamlar garşy aldylar.
Saparyň esasy çäreleri ertir, 21-nji oktýabra meýilleşdirildi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, anna güni ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler.

Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça resminamalaryň ondan gowragyna gol çekiler.
Şeýle hem Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň açylyşy we «Horezm-Daşoguz» Serhetara söwda merkeziniň gurluşygy boýunça taslama badalga bermek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.