Serdar Berdimuhamedow Lula da Silwany Braziliýanyň Prezidentligine saýlanmagy bilen gutlady

01.11.2022, 00:528,093

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Braziliýanyň öňki prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa döwlet baştutanynyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Şunlukda, Lula da Silwa öz syýasy karýerasynda eýýäm üçünji gezek prezident saýlawynda ýeňiş gazanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.