Ilham Aliýew Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Atdaýewi kabul etdi

29.11.2022, 16:2218,641

29-njy noýabrda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň söwda toplumy boýunça wise-premýeri Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Batyr Atdaýew Ilham Aliýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny ýetirdi. Şeýle hem taraplar şu gün geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara azerbaýjan-türkmen toparynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meselelere seretdiler, energetika, ulag, logistika, özara haryt dolanyşygy boýunça pikir alyşdylar diýip, Report agentligi habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.