Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşini doglan güni bilen gutlady

08.12.2022, 03:317,442

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady.

«Siziň parasatly hem öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Gyrgyzystan ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurtda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar» — diýip, türkmen Lideriniň sözlerini «Kabar» gyrgyz agentligi getirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynyň ahyrynda Gyrgyzystanyň Liderine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, şeýle hem jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.