Türkmen biržasynda geçen hepdede 33 mln 727 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy

19.12.2022, 23:364,895

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 727 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri  nah ýüplügi, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar.
Manat serişdelerine Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 7 million 810 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar. 
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 110 million 726 müň manatlykdan gowrak  “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit koksuny we nebit ýol bitumyny, metalyň ýüzlerini ýaglardan we beýlekilerden arassalamak üçin serişdeleri, plastik önümleri  satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.