Türkmenistanda telekeçileriň pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

03.01.2023, 11:2031,818

Türkmenistanda telekeçiler üçin 2022-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwri başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda habar berdi.

Telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler. Bu möhlet «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.