RF-niň Döwlet Dumasy Türkmenistandaky deputat saýlawlaryna synçylaryny iberer

30.01.2023, 14:5911,109

Şu gün, 30-njy ýanwarda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa RF-niň Döwlet Dumasynyň deputatlaryny ýakynda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Wýaçeslaw Wolodin Döwlet Dumasynyň öz synçylaryny Türkmenistana iberjekdigini tassyklady.
Öň habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni Türkmenistanda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.