Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

10.02.2023, 08:0218,780

Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze bellenen orunbasary Mähri Bäşimowa geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň gatnaşyklarynyň netijeliligi maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar häzirki we geljekki taslamalary gözden geçirdiler hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada söhbet etdiler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.