Türkmen kompaniýasy «GM OIL» motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýdy

11.03.2023, 12:1814,788

Ahal welaýatynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Geljege Miras» kärhanasy ýük we ýeňil awtoulaglar üçin motor ýaglaryny öndürmegi özleşdirdi, önümleriň ilkinji tapgyry eýýäm eksport edildi. Bu barada gündelik «Нейтральный Туркменистан»  gazeti  habar berýär.

Hususy kärhananyň müdiri K.Baýlyýewiň gürrüň bermegine görä, önümi «GM OIL» haryt nyşany astynda öndürmeklige geçen ýylyň sentýabr aýynda girişildi. Häzirki wagtda esasy ýaglary dürli funksional goşundylar bilen garyşdyrmak arkaly  häzirki zaman motor ýaglary öndürilýär.
Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan bu binýatlyk ýaglar we goşundylar ýokary hili bilen tapawutlanýar. Önümçiligiň tehnologiki prosesiniň şertlerine we bäsdeşlige ukyply önüm döretmäge mümkinçilik berýän arassalaýşyň hiline gözegçilik etmeklige köp üns berilýär.
Kompaniýa önümleri köp komponentler boýunça hemmetaraplaýyn seljermäge mümkinçilik berýän Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary takyklykdaky enjamlaryny oturtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.