Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

17.03.2023, 00:1625,615

16-njy martda Ankara Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine çagyrylan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp uzakmöhletleýin türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmak, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan  ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigini bellediler we toparyň şu ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda geçirilen mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.