Ispaniýada dünýäde ilkinji dört günlük iş hepdesi tejribe edlip başlandy

11.04.2023, 14:4316,990

Walensiýanyň hökümeti duşenbe güni dört günlük iş hepdesini ornaşdyrmak boýunça synaga başlady. Bu barada şäher häkimliginde habar berdiler.

Metbugat habarnamasynda: "Walensiýa dünýäde bir aýlap 32 sagatlyk iş hepdesini synagdan geçiren ilkinji şäher bolar" - diýilýär. Synag 7-nji maýa çenli dowam eder. Dynç güni diýlip yglan edilen ähli duşenbe günleri Walensiýada baýramçylyk günlerine düşýär.

Synagyň dowamynda gysgaldylan iş hepdesiniň ýerli ýaşaýjylaryň saglygyna we abadançylygyna, daşky gurşawa hem-de ykdysadyýete, esasanam söwda, myhmansöýerlik, dynç alyş ugurlaryna nähili täsir etjegi seljeriler. Netijesi bilen iýul aýynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.