Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de monarhlaryndan gutlag hatlary gelip gowuşmagyny dowam edýär. Olaryň gutlaglary TDH tarapyndan çap edildi.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III öz hatynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň mizemez häsiýetini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi:
«Bu şanly sene halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugy dabaralandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň häzirki ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrys».
Karl III howanyň üýtgemegi we tebigaty gorap saklamak ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ýurtlaryň bilelikdäki işleriniň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi.
Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we türkmen halkyna bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny ýollady:
«Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyzyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin. Geçen ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn».
Gutlag hatlaryny Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahim, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI hem iberdiler.
Hatlarda Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlar beýan edilýär.