Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

15.04.2023, 23:4816,103

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy bilen iberen çuňňur gynanjy üçin goňşy ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly häsiýete eýedigini hem-de onuň açyklyk, birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda ösdürilýändigini  aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýokary derejä ýetmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi.
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy we ol giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär diýip, özbek Lideri belledi we hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.