Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

15.04.2023, 23:5718,248

15-nji  aprelde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahalaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletiň Baştutanyna mähriban ejesi — Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy bilen aýdan gynanç sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Özbegistan Respublikasy bilen köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-özbek gatnaşyklary sazlaşykly ösdürilýär  we giňeldilýär.
Umumy pikire görä, häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar hemmetaraplaýyn ösdürilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan  bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we umumy bähbide laýyklykda özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.