Maýkl Duglas Kann festiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasyny” alar

05.05.2023, 19:175,500

Amerikaly aktýor Maýkl Duglas 76-njy Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar diýip, festiwalyň guramaçylary habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär.

“Maýkl Duglas özüniň ajaýyp karýerasy, şeýle-de kinematografa gatnaşandygy üçin 76-njy Kann kinofestiwalynda “Altyn palma şahasyny” alar” – diýlip, festiwalyň habarynda aýdylýar.

Baýrak aktýora 16-njy maýda boljak açylyş dabarasynda gowşurylar. Mundan başga-da, festiwalyň dowamynda “Maýkl Duglas, ýoluny urduryp, yzyny tapan ogul” ady bilen öň çykarylmadyk dokumental film görkeziler.
Maýkl Krik Duglas – amerikaly aktýor we prodýuser. Ol iki “Oskar”, alty “Altyn globus” baýragynyň, şeýle-de “Emmi” baýragynyň eýesidir.
Şu ýyl Kann kinofestiwaly 16-njy maýdan 27-nji maý aralygynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.