Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş gününiň çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gider — TASS

09.05.2023, 09:4812,619

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşmak barada çakylygy kabul etdi diýip, TASS agentligi diplomatik çeşmesine salgylanyp habar berýär.

 «Onuň irden gelmegine garaşylýar», — diýip, agentligiň çeşmesi takyklady.

Ýörişe gatnaşmak üçin şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Belarusuň Prezidenti Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan razylygyny berdi.
Ýeňiş ýörişine 10 müňden gowrak adam we 125 sany harby tehnika gatnaşar. Ýörişi aşgabat wagty bilen 12:00-da başlamak meýilleşdirilýär.
Wladimir Putin daşary ýurt Liderleri bilen Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşar we resmi däl ertirlik geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.