Serdar Berdimuhamedow we Si Szinpin ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

19.05.2023, 02:3811,094

Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagty Sian Şäherine iş saparynyň  çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi. Olaryň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalaryň hatarynda

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk;
  • Getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça Döwlet geňeşiniň edarasynyň arasynda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama bar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.