«Türkmenhowaýollary» haj parzy üçin Saud Arabystanyna 8 ýörite gatnaw gurnady

08.06.2023, 16:5140,407

2023-nji ýylda Türkmenistanly zyýaratçylaryň Mukaddes Gurban aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmekleri üçin «Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing 777-200» kysymly howa gämisinde 8 sany ýörite ýolagçy gatnawlary gurnady. Bu barada turkmenistanairlines.tm saýty habar berýär.

«2023-nji ýylda ýurdumyzyň ilatynyň Mukaddes Gurban aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmek üçin zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin Türkmenistanyň Müftüsiniň Müdiriýeti bilen bilelikde 2023-nji ýylyň iýun we iýul aýlarynda Aşgabat – Jidda – Aşgabat hem Aşgabat – Medine – Aşgabat ugurlary boýunça «Boeing 777-200» kysymly howa gämisinde 8 sany ýörite ýolagçy gatnawlary gurnaldy» diýlip habarda aýdylýar.

Öň Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimizi haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýändigini habar beripdik.
2023-nji ýylda Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.