Kolumbiýada awiaheläkçilikden 40 gün soňra dört çaga diri tapyldy

10.06.2023, 23:0153,476

Kolumbiýanyň jeňňelliklerinde 40 gün mundan ozal uçar heläkçiliginden soň ýitirim bolan dört çaga diri tapyldy diýip, ýurduň Prezidenti Gustawo Petro Twitter sahypasynda habar berdi.

«Tutuş ýurt üçin bagt! Kolumbiýa jeňňeliklerinde 40 gün mundan ozal ýitirip bolan dört çaga diri bolup çykdy» - diýip Petro ýazypdyr.

Petro şeýle hem çagalary tapan harbylaryň hem suratyny neşir edipdir. Çagalaryň hemmesi bir-biri bilen dogan, iň kiçisi bir ýaşa ýetmedik, beýlekileri — dört, dokuz we 13 ýaşynda düiüip, El Pais habar berýär.
1-nji maýda üç sany uly ýaşly we çagalar bolan Cessna 206 uçary Braziliýanyň Ararakuara şäherinden Kolumbiýanyň San-Hose-del-Gua şäherine uçupdyr.
Uçuş wagtynda uçaryň hereketlendirijisi togtaýar. Uçarman uçar Apaporis derýasyndan uzak bolmadyk ýerde ýere gaçmanka dispetçerleri näsazlyk hakynda habar berip ýetişipdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.