Kolumbiýada bolup geçen ýertitreme ýurduň durmuşyny bütinleý togtatdy

12.08.2026, 16:4412,226
1 / 6

Kolumbiýanyň günbatarynda bolup geçen güýçli ýertitremäniň netijesinde heläk bolan adamlaryň sany 254-den geçdi.

10-njy awgustda irden ýüze çykan, güýji 7,4 bala ýeten weýrançylykly waka zerarly 2 595-den gowrak adam şikes aldy, dürli çeşmelere görä 3-4 müňden gowrak ýaşaýjy bolsa resmi taýdan dereksiz ýiten hasap edilýär. Halas ediş çäreleri eýýäm iki gije-gündiz bäri üznüksiz dowam edýär.

Ýurduň Geologiýa gullugy bu ýertitremäni XXI asyrda Kolumbiýada bolup geçen iň güýçli we weýrançylykly ýertitremesi diýip atlandyrdy.

Tebigy betbagtçylygyň ojagy Ýuwaş ummanyň kenarýakasyndaky San-Hose-del-Palmar şäherçesinde, takmynan 80–100 kilometr çuňlukda ýerleşýär. Ýerasty sarsgynlar adaty bolmadyk derejede güýçli bolup, ony hatda ýurduň paýtagty Bogotanyň, şeýle hem goňşy Panamanyň we Ekwadoryň ýaşaýjylary hem mese-mälim duýdular.

Iň agyr zarba Kolumbiýanyň ululygy boýunça üçünji şäheri bolan Kalä düşdi, ol ýerde onlarça bina doly ýykyldy. Pereýra we Manisales şäherlerine hem düýpli zyýan ýetdi. Manisalesde 1939-njy ýylda gurlan meşhur ybadathananyň bir diňi ýykyldy. 

Betbagtçylyk sebäpli Kolumbiýanyň Prezidenti Abelardo de la Espriella milli derejede adatdan daşary ýagdaý tertibini girizdi, ejir çeken şäherlerde talaňçylygyň öňüni almak üçin gije komendantlyk sagady yglan edildi.

Tebigy apat ýurduň ykdysadyýetine hem örän agyr zarba urdy, kolumbiýa kofesiniň eksporty sözüň doly manysynda togtadyldy. Ýuwaş ummandaky esasy Buenawentura portunyň daşky gurşawdan üzňe galmagy ulag bökdençligine getirdi. Oňa tarap barýan ýollar opurylmalar we süýşgünler sebäpli doly ýapyldy. Ýurduň häzir işjeňlik bilen kofe ýygymy dowam edýän günorta sebitleri hasylyň agramly bölegini tapgyrlaýyn hut şu merkez arkaly daşary ýurda iberýärdi.

Karib deňziniň kenaryndaky beýleki portlar bolsa ýük ulaglarynyň ýiti ýetmezçiligi sebäpli häzirlikçe munça ýüki kabul edip bilenok. Ýagdaýy elektrik energiýasynyň, aragatnaşygyň üznüksiz näsazlyklary we öýsüz galan köp sanly işçileriň ýetmezçiligi has-da çylşyrymlaşdyrýar.

Ýurtda durmuş doly diýen ýaly saklandy, jemgyýetçilik işleri bolsa ejir çekenlere kömek etmäge gönükdirildi. Şol sanda Kalidäki ýubileý 30-njy şäher festiwaly, şeýle-de beýleki medeni çäreleriň hemmesi, futbol boýunça milli çempionatyň oýunlary goýbolsun edildi.

Libertadores we Sudamerikana Kubogy ýaly halkara günorta amerika ýaryşlarynyň oýunlary nämälim möhlete geçirildi. Klublar şol bir wagtyň özünde, öz serişdelerini betbagçylygyň netijelerini düzetmäge gönükdirdiler. Kolumbiýaly türgenler we beýleki tanymal şahsyýetler häzir ilaty ýaralananlar üçin gan tabşyrmaga çagyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.