Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurany Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

05.07.2023, 05:465,814

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Madura milli baýram — Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Nikolas Madura berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Wenesuelanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni 5-nji iýulda bellenilýär.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.